Gyrgyzystanyň öňki prezidentiniň ogly maşgalasynyň jaýyndan çykarylýandygyny aýdýar

Atambaýewiň Koý-Taşdaky jaýy

Öňki prezident Almazbek Atambaýewiň ogly Kadyr Kaktus.media habar gullugyna ejesini we beýleki maşgala agzalaryny Bişkek şäheriniň golaýyndaky Koý-Taş obasynda ýerleşýän jaýlaryndan çykarmak isleýändiklerini aýtdy.

Onuň sözlerine görä, polisiýa wekilleri bilen birlikde, 30 töweregi adam olaryň öýüne gelipdir we olaryň elinde diňe Bişkek etrap kazyýetiniň karary bar. Ol maşgala agzalarynyň bu jaýdan çykarylmagyny bikanun diýip atlandyrdy.

"Bu doly eden-etdilik. Biz Ýokary kazyýete we Konstitusiýa palatasyna ýüz tutjakdygymyzy aýtdyk. Hatda şäher kazyýetiniň seljerişligi-de gutarmady. Muňa garamazdan, sud işgärleri göçürmäge girişýärler" diýip, ol aýtdy.

Şol bir wagtda, Kadyr Atambaýew “Sosial-demokratlar” partiýasynyň we “Media Forumyň” baş edaralaryny konfiskasiýa etmek synanyşygynyň edilýändigini öňe sürdi.

Bişkegiň Birinji maý etrap kazyýeti iýun aýynyň başynda 2019-njy ýylda Koý-Taş obasyyndaky korrupsiýa we bidüzgünçilikler işi boýunça höküm çykardy.

Häzir daşary ýurtda ýaşaýan Almazbek Atambaýew gaýybana 11 ýyl alty aý azatlykdan mahrum edildi.

Kazyýet öňki prezidenti döwlet baýraklaryndan mahrum etdi, onuň emlägini konfiskasiýa etmegi buýurdy.

Bu hökümden şikaýat edildi we bu işe häzir Bişkek şäher kazyýetinde seredilýär.