Russiýa Ukrainanyň 221 pilotsyz uçarynyň urlandygyny aýdýar

Primorsk porty

Russiýanyň Goranmak ministrligi 13 sebitiň asmanynda 221 sany ukrain pilotsyz uçarynyň urlandygyny habar berdi.

Ministrligiň maglumatyna görä, howa goranyş ulgamlary Leningrad sebitinde 28 sany pilotsyz uçary urup gaçyrdy.

Sebit häkimi Aleksandr Drozdenko 30 pilotsyz uçaryň ýok edilendigini habar berdi.

Primorsk portunda, Baltika deňzinde iň uly nebit guýulýan portda, onuň sözlerine görä, bir gämi ot aldy, ýangyn söndüriş ulgamy işe girizildi.

Ol soňra gämidäki açyk ýangynyň söndürilendigini, suw basmagy ýa-da nebit dökülmesi howpunyň ýokdugyny ýazdy. Portdaky nasos stansiýasy hem ot aldy. Hiç kim ýaralanmady.

“Pulkowo” howa menzilinde, pilotsyz uçar hüjümleri sebäpli, uçuşlara we gonmaga çäklendirmeler girizildi. Metbugat habarlaryna görä, jemi 48 uçuş yza süýşürildi, 23 uçuş ýatyryldy we 12 uçar alternatiw howa meýdançalaryna iberildi.

Russiýanyň Goranmak ministrliginiň maglumatyna görä, Braýansk sebitinde 85, Smolensk sebitinde 42, Kaluga sebitinde 18, Nowgorod sebitinde 14, Orlow we Moskwa sebitleriniň hersinde 9, Belgorod sebitinde 7, Rostow we Twer sebitleriniň hersinde üçden, Pskow, Tula we Kursk sebitlerinde bolsa, hersinde bir doron urlup gaçyryldy.