Ukrain aňtaw gullugy rus flotunyň gymmatbaha gämisini urandygyny aýdýar

MPSV07 taslamasy

Ukrainanyň Goranmak ministrliginiň Baş aňtaw müdirligi 10-njy sentýabrda Noworossiýsk şäheriniň golaýynda Russiýanyň Gara deňiz flotunyň gämisini urandygyny habar berdi.

Ukrain aňtaw gullugynyň habaryna görä, MPSV07 gämi taslamasy gymmat bahaly, güýçlendirilen buz synply, köpugurly gyssagly halas ediş gämisi bolup durýar.

“Insider”, belki-de, “Halas ediji Demidow” gämisi hakynda gürrüň edilýändigini ýazýar.

Bu hili gämiler adamlary halas etmek, nebit dökülmesiniň netijelerini ýok etmek, gaýyklary we suwa çümüş enjamlaryny aşak goýbermek, deňiz düýbünde barlag, gözleg işlerini geçirmek üçin ulanylýar. Ukrain aňtaw gullugy bu gämileriň biriniň bahasynyň takmynan 60 million dollardygyny, Russiýada bu gämileriň diňe dört sanysynyň bardygyny aýtdy.

Ukrain aňtaw gullugynyň ýörite güýçleri hususan-da gäminiň nawigasiýa we aragatnaşyk enjamlarynyň ýerleşýän dolandyryş merkezine Ukrainada öndürilen pilotsyz uçar bilen hüjüm etdiler.