Türkmenistanyň banklarynda özleriniň plastik bank kartlaryna pul geçirmäge baran türkmenistanlylardan, öz işleýän edarasyndan ýörite güwänama talap edilýär diýip, “Hronika Türkmenistan” neşiri habar berýär.
Hytaýyň Milli nebit kompaniýasy CNPC Türkmenistana TOPH, ýagny “Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan” we “Transhazar” gazgeçirijileriniň gurluşygyna ýardam bermäge taýýar diýip, “CNPC halkara Türkmenistanyň” baş direktory Li Şulýan aýtdy.
Türkmenistanyň “gara bazarlarynda” dollaryň nyrhy gaýtadan ýokarlanyp, 7-nji noýabrda Aşgabatda 1 amerikan dollarynyň satyn alyş nyrhy 8 manat 40 teňňä, satyş nyrhy 8 manat 90 teňňä baryp ýetdi.
Türkmenistanda çagalaryň pagta ýygymyna çekilmegi gadagan edilen bolsa-da, şu ýyl ýurduň pagta meýdanlarynda ýetginjek ýaşyna ýetmedikleriň geçen ýyllardakydan hem köpdügini, “Türkmenistandan alternatiw habarlar” neşiri öz ýurt içindäki çeşmelerine salgylanyp habar berýär.
Eýranyň döwlete degişli Milli gaz kompaniýasy Türkmenistan bilen dörän gaz dawasyny sud zalynda däl-de, onuň daşynda maslahatlaşyp, gepleşikler arkaly çözmek isleýändigini mälim etdi.
Aşgabadyň jemgyýetçilik awtobuslarynda köpüsinde plastik kartlar arkaly tölegleri amala aşyrmaga niýetlenen enjamlaryň işlemeýändigi barada Azatlyk Radiosyna maglumatlar gelip gowuşýar.
Oktýabr aýynyň 28-den 29-na geçilen gije “Adam hukuklary boýunça Türkmen inisiatiwasy” toparynyň başlygy we “Hronika Türkmenistan” neşiriniň redaktory Farid Tuhbatullinyň ejesi, Türkmenistanyň ýaşaýjysy Halida Izbastinowanyň kwartirasy nämälim adamlar tarapyndan daşlandy.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň dürli pudaklarynda gazanylan “ösüş depginleri” baradaky sanlary diňläp, döwlet ýolbaşçylarynyň ençemesine käýinç yglan etdi.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow degişli türkmen resmilerine kärendeçiler bilen hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Emma pagtaçy kärendeçileriň onlarçasy döwlet harmanyna tabşyran pagtasy üçin, hasyl puluny indi iki hepdä golaý wagt bäri alyp bilmeýändigini aýdýar.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Dil merkezinde üç aýlyk dil we komýuter kurslarynyň tölegleri birden üç esseden hem köp ýokarlandyrylyp, 150 manatdan 500 manada çykaryldy.
Aşgabatda Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri (PÝGG) awtoulagynda doga-bagjyklar, alaja asylan ýa-da käbir ýazgylar ýazylan sürüjileri saklap, olardan bulary aýyrmagy talap edýärler we 50 manat möçberinde pul jerimesini salýarlar.
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň “Soufan Group” kompaniýasy “Halyflygyň daşynda: Daşary ýurt söweşijileri we olaryň yzlaryna dolanandan soň abandyrýan howpy” atly analitiki hasabaty çap etdi.
Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 26-njy ýyl dönümi Aşgabatda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda geçirilen uly harby parad bilen bellenildi.
1-nji noýabrdan başlap Türkmenistanyň ýöriteleşdirilen mekdeplerinde okuwlar tölegli bolar diýip, “Türkmenistandan alternatiw habarlar” neşiri habar berýär.
Türkmenistanda çagalar baglarynyň tölegleriniň birdenkä 10 esse ýokarlandyrylmagynyň yz ýany, Aşgabadyň orta mekdepleriniň aglabasynda okuwlaryň tölegli edilmejekdigi barada bildirişler asyldy.
Aşgabadyň döwlete degişli edaralarynyň we ýokary okuw jaýlarynyň ýolbaşçylarynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli geçiriljek dabaralara gatnaşýan studentler we döwlet işgärleri bilen duşuşyklary geçirendigi we baýramçylyk çärelerinde geýmeli edilen eşikleri satyn almadyk “çäreçilere” köpçülikde gödek käýändikleri barada habar berilýär.
Şu hepdäniň başyndan Türkmenistanyň Ahal, Mary we Daşoguz welaýatlaryndaky oba we etrap mekdepleriniň okuwçylarynyň tas ählisi pagta ýygymyna mejbury çekilip başlandy. Bu waka türkmen prezidentiniň ýurtda pagta planynyň dolandygyny yglan eden mahalyna gabat geldi.
“Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýüzüni ilkinji gezek görenimizde, biz bulutlaryň ýokarsyndadyk. Türkmenistanyň prezidentiniň portreti ýurduň milli howaýollary kompaniýasynyň ähli ýerinde ýerleşdirilipdir. Berdimuhamedow dünýäniň iň awtoritar režimleriniň birine ýolbaşçylyk edýär” diýip, fransuz žurnalisti özüniň Türkmenistan barada taýýarlan ýörite wideo raportynyň başynda aýdýar.
Türkmen daýhanlarynyň ýurduň harmanyna 1 million 50 müň tonnadan gowrak pagta tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendigi yglan edildi.
Türkmen häkimiýetleri 2022-nji ýylda ýurtda ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň nobatdaky uçdantutma ýazuwynyň geçirilmeginiň planlaşdyrylýandygyny habar berdiler. Şol bir wagtda, ýurtda mundan bäş ýyl çemesi ozal geçirilen ilat ýazuwynyň netijeleri şu güne çenli halk köpçüligine mälim edilmän gelýär.
Ýene-de ýükle