ABŞ-da syýasy aktiwist Çarli Kirk Ýuta uniwersitetinde çykyş edýän wagtynda tüpeňlendi we biraz wagtdan soň keselhanada aradan çykdy. ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp we “Fox News” bu habary tassyk etdi.
Kirk jemgyýetçilik aktiwisti bolup, “Turning Point USA” (ABŞ-nyň öwrüm pellesi) konserwatiw ýaşlar guramasynyň esaslandyryjysydy.
Kirkiň wekiliniň sözlerine görä, atylan ok netijesinde ol boýnundan ýaralandy.
Wakanyň bolan çäresinde düşürilen we çap edilen wideoda onuň ak ýygnama çadyr astynda märekä ýüzlenen wagtynda tüpeňlenendigi, boýundan ýaralanandygy görünýär.
Kirkiň çykyş eden uniwersitetiniň çap eden beýanatynda Kirkiň sagat 12: 20-de tüpeňlenendigi aýdylýar.
"Uniwersitet şäherçesi günüň ahyryna çenli ýapyk we polisiýa güman edilýän saklady" diýip, ýokary okuw jaýynyň wekili aýtdy. Emma soň olar Kirki tüpeňlän adamyň tussag edilendigini inkär etdiler; başda tussag edilen adamyň soň boşadylandygyny aýtdylar.