Nepalda häkimiýetleriň sosial ulgamlary petiklemegi netijesinde başlanan halk protestleri baradaky habarlaryň fonunda, türkmen ýaşlarynyň arasynda hem ýurtdaky internet çäklendirmeleri, raýatlaryň erkin maglumat almak hukuklarynyň basgylanmagy bilen bagly pikir alyşmalaryň ýygjamlaşýandygy habar berilýär.
Nepalda premýer-ministriň işden çekilmegine getiren protestler, polisiýa bilen korrupsiýa garşy nägilelik bildirýän adamlaryň arasynda bolan çaknyşyklaryň 20 çemesi adamyň ölümine, ýüzlerçe adamyň ýaralanmagyna getirmegi bilen, zorluga ýazdy.
Bu habarlar maglumat boşlugynda saklanylmaga çalşylýan Türkmenistana hem gelip ýetdi we ilat arasynda ýygjamlaşýan syýasy pikir alyşmalaryň ýene biraz ýitileşmegine itergi berdi diýip, Azatlygyň Mary sebitindäki çeşmeleri habar berýär.
Anonimlik şertinde gürleşen raýatlaryň sözlerine görä, Nepal wakalary türkmen mekdepleriniň 9-12-nji synp okuwçylary bilen mekdep mugallymlarynyň arasynda, häkimlik we polisiýa işgärleriniň arasynda ýiti çekişmeleri döretdi.
Ýaşlar çäklendirmeleriň dowam etdirilmegine razy bolmady
"Biziň mekdebimizde okuw ýylynyň ilkinji hepdesiniň dilegçilik şow-şowy ýatyp-ýatmanka, polisiýa we bilim bölüminden barlagçylar geldi. Olar okuwçylaryň mobil telefonlaryny barlap, VPN, CHatGPT ýaly tilsimleriň gurnalyp-gurnalmandygyny anykladylar. Şol programmalar tapylan telefonlaryň eýelerine haýbat atyldy, olaryň ene-atasyny mekdebe çagyryp, jerime tölemekleri talap edildi” diýip, Baýramaly etrabyndaky bir mekdepde bolan wakanyň jikme-jikliklerini öwrenen çeşme aýtdy.
Onuň sözlerine görä, okuwçylaryň käbiri bu talap bilen ylalaşmady, adata öwrülen tabynlykdan çykyp, öz hak-hukuklaryny talap edip başlady.
“Mugallymlaryň "polisiýa we häkimlik bilen jedelleşme, syýasata goşulma" diýen sözleri köplenç netije bermeýär. Ýokary synp okuwçylary öz telefonlaryny alan polisiýa, häkimlik edaralarynyň wekillerine ýüzlenip, "siziň nähili hakyňyz bar ata-enelerimize jerime salmaga? Şol VPN-leri MHM-niň işgärleriniň aç-açan satýanyndan habaryňyz ýokmy? Ýa-da biziň ýurdumyzda tas doly petiklenen internete girmäge adaty adamyň haky ýokmy?" diýen ýaly soraglary berdiler.”
Polisiýa, häkimlik we mekdep wekilleriniň okuwçylara "sen näme, syýasata garşymy, näme, prezidente garşymy?" diýen ýaly soraglary ýaşlary gorkuzman, tersine, has gyzdyrdy diýip, bu ýagdaýa şaýat bolan pedagog aýtdy.
“Mugallymlar pikirini aýdýan okuwçylary güýç bilen synp otagyndan çykaryp, sport zalyna äkitmekçi bolanlarynda, synpda oturan çagalaryň ençemesi öz synpdaşlaryny goramaga synanyşdy. Netijede, polisiýa işgärleri ýaşlara "Häzir OMON çagyryp, baryňy äkideris" diýip gorkuzmaga çalyşdy. Ýöne derrew, okuwçylary köşeşdirmek üçin, tutulan ýaşlary goýberdiler” diýip, söhbetdeşimiz aýtdy.
Polisiýa we häkimlik işgärleri ahyry ýaşlaryň talabyna boýun boldular we, Baýramaly etrabyndaky çeşmäniň sözlerine görä, alnan telefonlary mugallymlara gaýtaryp, düşündiriş hatlaryny alyp, yzyna bermegi tabşyryp gitdiler.
Okuwçylar düşündiriş hatlaryny talap edýän mugallymlara "size hiç hili hormatymyz ýok, siz biziň mertebämizi däl-de, bikanun talaplar bilen gelýän häkimligi goraýaňyz" diýdiler diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Telefon barlamaga gelenlere 'ýok' diýilýär
Bu wakanyň habary derrew etrabyň beýleki mekdeplerine-de ýetdi we ýaşlar telefon barlamak üçin gelen adamlara dilden gaýtawul bermegi basardylar diýip, ýerli synçy aýtdy.
Bilim ulgamyndaky synçynyň tassyklamagyna görä, häkimiýetleriň ýaşlaryň internet we maglumat almak hukuklaryny berk çäklendirmek ugrunda edýän tagallalary okuwçylaryň arasynda barha kän aç-açan proteste we nägilelige getirip başlady.
"Häzirlikçe, welaýat baş bilim müdirligi MHM we polisiýa basyşyna jogap hökmünde, etrap we şäher bilim bölümlerine "hak-hukuk talaplary we gaýtawul aksiýalary ýüze çykan" mekdepleriň administrasiýalaryna edilýän basyşy güýçlendirmegi tabşyrdy” diýip, synçy aýtdy we baş bilim müdirliginiň ýaşlaryň şeýle syýasy işjeňligine soňky onýyllyklaryň dowamynda, megerem, ilkinji gezek gabat gelýändigini belledi.
“Bilim emeldarlary üçin bu gaty geň ýagdaý, müdirlik näme etjegini hem bilenok. Sebäbi ýyllarboýy birkemsiz işläp gelen gorkuzmak, haýbat atmak we sem etmek çäreleri oňyn netije bermän başlady. Öz hak-hukuklaryny talap edýän ýaşlaryň sany göz-görtele artyp ugrady" diýip, maryly bilim hünärmeni öz pikirini aýtdy.
Ýurduň Balkan, Daşoguz we Lebap welaýatlarynda hem ýaşlar Nepalda bolup geçen wakalary ara alyp maslahatlaşýar, mekdep okuwçylary Z nesli diýilýänleriň protestleriniň sosial ulgamlara goýlan petikleriň aýrylmagyna getirmegi barada mugallymlar bilen çekişmä girýärler diýip, çeşmeler aýdýar.
Syýasy pikir alyşmalar baradaky maglumatlar Balkanyň Balkanabat, Gyzylarbat we Türkmenbaşy şäherlerinden hem gelýär.
Ýaşlar Nepal protestleriniň ruhlandyrandygyny aýdýarlar
Ýokary synp okuwçylary mugallymlara Nepaldaky protestleriň özlerini, türkmen ýaşlaryny hem ruhlandyrýandygyny aýdýarlar diýip, bir pedagog aýtdy.
Daşoguz, Gubadag, Andalyp, Köneürgenç ýaly şäherleriň mekdeplerinde hem ýokary synp okuwçylary mugallymlara "Näme üçin Nepalda 13-28 ýaşly ýaşlar ýurduň syýasatyny elde saklap bilýärler, emma Türkmenistanda durmuşa degişli islendik soraga "syýasata goşulma" diýip jogap berýärler? " diýen ýaly soraglary berýärler diýip, Azatlygyň bir çeşmesi aýtdy.
Lebaply ýaşlar hem Nepaldaky ýaşlaryň protestleri hakynda pikir alyşýarlar, mekdeplerde mugallymlar bilen syýasy çekişmelere girýärler diýip, habarçymyz bilen anonimlik şertinde gürleşen hünärmen aýtdy.
"Dänew, Kerki, Türkmenabat şäherlerinde mekdep okuwçylary mugallymlary ýaranjaňlykda aýyplaýarlar. Türkmenistanda ýaşlaryň tas ähli hak-hukuklarynyň çäklendirilmeginden nägile bolýarlar. Jedelleşen okuwçylara OMON çagyrmak haýbatyny atan mugallyma "Basym başyňyza Nepalyň güni geläýmesin!" diýýän okuwçylar hem bar” diýip, lebaply bilim işgäri aýtdy.
Aýry-aýrylykda gürleşilen synçylaryň tassyklamagyna görä, gitdigiçe güýçlendirilýän internet senzurasy we maglumat ýapyklygy ýaşlardaky protest meýillerini barha güýçlendirýäne meňzeýär.
Maglumat üçin aýdylsa, türkmen metbugaty daşary ýurtlarda bolýan syýasy wakalar, halk protestleri, şol sanda tebigy hadysalar barada hem ilata maglumat bermegi zerur hasaplamaýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum