Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Polşa NATO-dan has köp howa goragy ulgamyny, pilotsyz uçara garşy tehnologiýa soraýar


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Polşa NATO boýunça ýaranlaryna ýüzlenip, ýurdy Russiýanyň bolup biljek hüjümlerinden has gowy goramak üçin, goşmaça howa goranyş ulgamlaryny we pilotsyz uçarlara garşy tehnologiýalary sorady diýip, “Bloomberg” çeşmelere salgylanyp habar berdi.

10-njy sentýabra geçilýän gije, Russiýanyň Ukraina garşy hüjüm edýän wagtynda, 19 sany rus pilotsyz uçary Polşanyň howa giňişligine girdi. Polşa we NATO agzasy bolan beýleki ýurtlara degişli söweş uçarlary asmana galdy.

Polşanyň premýer-ministri Donald Tusk muny "uly prowokasiýa" diýip atlandyrdy. Russiýanyň Goranmak ministrligi rus goşunynyň Polşa zarba urmagy meýilleşdirmeýändigini, Ukrainadaky nyşanalara hüjüm edýändigini aýtdy.

"Bize "Patriot" gerek, sebäbi pilotsyz uçarlar Russiýanyň biziň howa giňişligimize abandyrýan ýeke-täk wehim görnüşi däl. Şeýle-de bize “dronlara garşy diwar” gerek” diýip, Polşanyň daşary işler ministri Radoslaw Sikorski Warşawada geçirilen metbugat ýygnagynda aýtdy.

XS
SM
MD
LG