Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýada migrant çagalaryň 87%-i mekdebe ýazylyp bilmedi


Russiýada migrant çagalary üçin taýýarlanan "Harplyk" kitaby
Russiýada migrant çagalary üçin taýýarlanan "Harplyk" kitaby

Russiýada daşary ýurt raýatlarynyň çagalarynyň 87,5% mekdebe ýazylyp bilmedi diýip, Rosobrnadzor habar berdi.

Russiýadaky migrant çagalary 2025-nji ýylyň aprel aýyndan bäri rus mekdebine diňe rus dili synagyndan üstünlikli geçeninden we maşgalasynyň Russiýa Federasiýasynda galmagynyň kanunylygy anyklanandan soň kabul edilip bilner.

Resmi maglumata görä, okuw jaýlaryna aprel aýyndan awgust aýyna çenli aralykda daşary ýurt raýatlygy bolan 23,616 çaganyň resminamalary gowşuryldy.

Emma, çagalaryň uly böleginiň maşgalalarynyň resminamalaryň doly toplumyny getirmändigi sebäpli, diňe 8,223 çaga synag üçin kabul edildi.

Synaga diňe 5940 çaga gatnaşdy, olaryň diňe 50% ýa-da jemi 2964 çaga synagdan geçdi.

Bu maşgalalary ilkibaşda rus mekdeplerinde bilim almaklary üçin resminama tabşyran çagalaryň umumy sanynyň 12,5% bolýar.

XS
SM
MD
LG