Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp Çarli Kirkiň öldürilmeginde güman edilýän adamyň tutulandygyny aýdvar


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp konserwatiw aktiwist Çarli Kirkiň öldürilmeginde güman edilýän adamyň Ýutada tussag edilendigini tassyk etdi diýip, “Fox News” habar berdi.

"Onuň ele salnandygyny ýokary derejedäki ynam bilen aýdyp bilerin" diýip, Tramp aýtdy.

Emma ol güman edilýän adamyň adyny aýtmady, diňe onuň 11-nji sentýabr agşamynda tussag edilendigini, bu işde bir ruhanynyň kömek berendigini, şeýle-de ABŞ-nyň marşal gullugynyň bir işgäriniň we güman edilýän adamyň kakasynyň ýardam edendigini aýtdy.

ABŞ-nyň Federal Derňew Býurosy (FBI) bir gün öň Kirkiň öldürilmegi bilen baglylykda gözlenýän adamyň suratyny çap etdi we derňew işine kömek etjek maglumat üçin 100,000 dollar sylag beriljekdigini aýtdy.

Şeýle-de, derňewçiler bu çäre başlanmazyndan birnäçe minut öň tüpeňli basgançakdan üçege çykyp barýan atyjyny görkezýän wideony köpçülige ýetirdi. Ol ot açandan soň üçekden böküp, ýitirim boldy. Derňewçiler adam öldürilen ýeriň golaýyndaky tokaýdan daşyna mata soralan “Mauser” tüpeňini tapdylar.

Derňewçiler 11-nji sentýabr agşamy bolup geçen ganhorlugyň derňewi barada metbugat ýygnagyny geçirmegi meýilleşdirdiler, ýöne soň birden ýatyryldy. Habarda aýdylmagyna görä, bu çäre "wakalaryň çalt depginde ösmegi" sebäpli ýatyryldy.

"Çarli Kirk Show" atly meşhur podkastyň we radio ýaýlymynyň alyp baryjysy, 31 ýaşly Çarli Kirk ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň ýakyn ýarany hasaplanýardy.

Ol 10-njy sentýabrda, çarşenbe güni Ýuta uniwersitetinde çykyş edýän wagtynda tüpeňlenip, boýnundan ýaralandy we soňra keselhanada aradan çykdy.

Tramp bu jenaýaty “aýylganç” diýip atlandyrdy

XS
SM
MD
LG