Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanly Alsu Rafikowa "Tatar-Kyzy 2025" gözellik bäsleşigini ýeňdi


"Tatar kyzy" bäsleşigi. Arhiw suraty
"Tatar kyzy" bäsleşigi. Arhiw suraty

10-njy sentýabrda Russiýanyň Orenburg şäherinde "Tatar-Kyzy 2025" halkara gözellik bäsleşiginiň jemleýji bölegi geçirilip, onda türkmenistanly gatnaşyjy ýeňiji boldy diýip, “ria56.ru” neşiri habar berýär.

Russiýanyň dürli künjeklerinden bäsleşige gatnaşan 12 gyz diňe bir gözelliklerini däl, eýsem akyl, döredijilik ukyplaryny, däp-dessurlara goýýan hormatlaryny hem görkezdiler.

Bäsleşik netijesine görä, ýeňijiniň täji Türkmenistandan Alsu Rafikowa berildi.

Mundan başga, ýeňiji bolan gyza gadymdam gelýän bezeg - hasita we “Lada Granta” awtoulagy gowşuryldy.

25 ýaşly gözel Daşoguz şäheriniň 7-nji mekdebinde himiýa mugallymy bolup işleýär diýip, habarda aýdylýar.

Şol bir wagtda, Rafikowanyň öz watany Türkmenistanda aýal-gyzlaryň daşky keşbi we geýimleri häkimiýetler tarapyndan hemişe berk gözegçilik astynda saklanýar. Türkmen häkimiýetleri aýal-gyzlaryň gözellik hyzmatlaryna, olardan peýdalanmagyna degişli çäklendirmeleriň hem ençemesini güýje girizdiler.

XS
SM
MD
LG